Biz barada
Kärhana “LIDA Plant Research” (Ispaniýa) we “Vital Tarım” (Türkiýe) kompaniýalaryň ýurdumyzda distribýutery bolup, “STF Sulama Sistemleri” (Türkiýe) we NutriControl (Ispaniýa) ýaly kompaniýalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

Kärhana ýyladyşhana, intensiw bagbançylyk we ekinleri senagat taýdan ösdürip ýetişdirmek ýaly ugurlar boýunça maslahat bermek hyzmatyna aýratyn üns berýär. “Jahan tilsimatlar” hususy kärhanasy “Atilla ylmaz tarım” (Türkiýe) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda oba hojalygynda maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrýar.

“Jahan tilsimatlar” hususy kärhanasy, müşderilere ynamdar söwda, önümleriň hiliniň ýokary bolmagy we müşderilere şahsy çemeleşmegiň esaslarynda oba hojalyk önümleriň we hyzmatlaryň söwdasyny amala aşyrmak maksady bilen 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Kärhana oba hojalyk ulgamynda işlerini alyp barýar, ýagny ýokary hilli dökünleriň, toplumlaýyn we innowasion ösümlikleri goramagyň serişdeleriniň, tygşytly suwaryş we suwy arassalamak ulgamynyň enjamlarynyň, sarp edilýän serişdeleriniň we ýokary tehnologik çözgütleriň, ýyladyşhanalaryň, ýyladyşhana enjamlarynyň we olaryň sarp ediş serişdeleriniň söwdasyny amala aşyrýar, şeýle hem ýokarda agzalan ugurlar boýunça maslahat hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başladylan uly göwrümli özgertmelerden ugur alyp, şeýle hem çuňňur hormatlanýan Prezidentimiziň hususy ulgamda telekeçilik işi we önümleriň önümçiligi ugurlarda ägirt uly goldawyny duýmak bilen kärhana, içerki önüm öndürijileriň ösdürip ýetişdirýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny ep-esli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň agrar pudagynyň güýçlenmegine we gülläp ösmegine goşant goşmak maksady bilen Watanymyzda önýän organo-mineral dökünleriň önümçiligini ýola goýdy. Dökünleriň önümçiliginde ulanylýan ýerli çig mallaryň paýynyň agdyklyk edýändigini bellemek gerek. Dökünler kadalaşdyryjy namalardan ugur alnyp we olara laýyklykda “N-Kuwwat” (Karbamid-ammiak garyndysy suwuk görnüşli dökün) we “K-Kükürt 0-0-25+42 S” (Suwuk tiosulfat kaliý döküni) haryt nyşany astynda öndürilýärler. Kärhana geljekdede ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmäge çalyşar.

Made on
Tilda